Biz barada

TÜRKMEN ÇYRAGY HUSUSY KÄRHANASY

2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň çäginde açylan hususy kärhana tiz wagtda kämillige tarap barýar, ýaş hünärmenler we döwrebap enjamlar ornaşdyrlan kärhana polipropilenden haltalaryň dürli görnüşlerini, haltalyk matalary, halta sapaklaryny, ýer örtükleri, multiflament ýüplükleri öndürmek we satmak işini alyp barýar. Uzak möhletleýin bähbitli gatnaşyklary maksat edinýän kärhanamyz içerki bazarda we daşary ýurtlarda ençeme ygtybarly hyzmatdaşlary edinmegi başardy. Kärhana ýyllyk 4000 tonna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynan polipropilenden halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýär. Ýokary hilli önümçiligi ýerine ýetirmek üçin Awstriýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň enjamlaryny ornaşdyrylan. Önümçilik üznüksiz üç çalyşykda alynyp barylýär kärhanada 100 den gowrak hünärmen zähmet çekiýär. Kärhananyň önümlerini azyk, oba hojalyk, himiýa, senagat toplumlarynda giňden ulanylýar, aglaba bölegi eksport edilýän “ÇYRAG” haryt nyşanly harytlar Russiýa, Türkiýe, Ruminiýa, Ukraina, Gazagystan, Moldowiýa, Owganystan ýaly ýurtlara demirýol we garaýoly arkaly eksport edilýär.