Biz barada
TÜRKMEN ÇYRAGY HUSUSY KÄRHANASY
2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň çäginde açylan hususy kärhana
tiz wagtda kämillige tarap barýar, ýaş hünärmenler we döwrebap
enjamlar ornaşdyrlan kärhana polipropilenden haltalaryň dürli
görnüşlerini, haltalyk matalary, halta sapaklaryny, ýer örtükleri,
multiflament ýüplükleri öndürmek we satmak işini alyp barýar. Uzak
möhletleýin bähbitli gatnaşyklary maksat edinýän kärhanamyz içerki
bazarda we daşary ýurtlarda ençeme ygtybarly hyzmatdaşlary edinmegi
başardy. Kärhana ýyllyk 4000 tonna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumy we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynan
polipropilenden halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýär. Ýokary hilli
önümçiligi ýerine ýetirmek üçin Awstriýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň
enjamlaryny ornaşdyrylan. Önümçilik üznüksiz üç çalyşykda alynyp
barylýär kärhanada 100 den gowrak hünärmen zähmet çekiýär.
Kärhananyň önümlerini azyk, oba hojalyk, himiýa, senagat
toplumlarynda giňden ulanylýar, aglaba bölegi eksport edilýän
“ÇYRAG” haryt nyşanly harytlar Russiýa, Türkiýe, Ruminiýa, Ukraina,
Gazagystan, Moldowiýa, Owganystan ýaly ýurtlara demirýol we
garaýoly arkaly eksport edilýär.