Harytlar
Adaty Polipropilen halta
Polipropilen halta 30-85 sm ininde agramy 40 gr dan başlaýan halta öndürilýär. Haltanyňagyzlary sowuk ýa-da gyzgyn kesijilerde kesilen görnüşde taýýarlanylýar. Taýýar önüm 500 we 1000 sany gaplanylýar. Müşderleriň isleglerine görä dürli reňklerdäki hem-de UV stabilizatory goşulan haltalar öndürilýär. Oba hojalyk, azyk senagaty we himiýa önümlerini, däne önümleriniň islendik görnüşlerini gaplamakda hem-de tehniki maksatly gaplamalarda ulanylýar.
Haltalyk polipropilen mata
Haltalyk polipropilen matalary 30-200 sm ininde 40–210 gm2 üst dykyzlygynda öndürilýär. Harytlar ýeňli mata görnüşinde öndürilip, taýýar önüm 200-250 kg agramda dolanan rulon şekilinde gaplanylýar. Müşderleriň isleglerine görä islendik reňklerde we UV stabilizatorlary dürli mükdarda goşulýar. Big bag ýumşak konteýnerlerini hem-de kiçi göwrümli haltalary ýasamakda giňden ulanylýar.
Ýer örtügi
Ýer örtügi polipropilenden sapaklardan dokalyp ini 5 metre çenli üst dykyzlygy 120-210 gm2 bara-bar bolan matadyr. Ýer örtüginiň düzümine müşderileriň isleglerine göra UV stabilizatory, dürli reňkler hem goşulýar. Ýer örtügi bagyňyzdaky haşal otlary basyp ýatyrmak üçin, ýyladyşhanalaryňyzdaky ýer böleklerini örtmek üçin, oba hojalyk önümlerini guratmakda ulanylýar.
Multifilamnet ýüplük
Multifilamnet ýüplükleri üst dykyzlygy 150-3000 denýe bolup ol müşderiniň isleglerine görä islendik filament köplüginde, dürli reňklerde we UV stabilizatory hem goşulyp bilner. Multifilament ýüplükler dokalan haltalarda tikin sapagy hökmünde, gaýyş (lentalar) örüp taýýarlamakda, diwan we mebel toplumlarynda, gorag kemerini örüp taýýarlamakda giňden ulanylýar.
Adaty polipropilen sapak
Halta dokamak üçin niýetlenen ýokary hilli polipropilen sapaklary ini 1.5-4mm aralygynda üst dykyzlygy 150-4000 denýe aralygynda bolup düzümi esasan polipropilen bolmagyna garamazdan eýsem dürli görnüşdäki reňkler we UV stabilizatorlary hem goşulup bilner. Halta dokamakda giňden ulanylýan adaty polipropilen sapagy müşterilerimiziň dokma önümçiliginiň aýrylmaz bir bölegidir.